Habarlaşmak
01.11.2025
Nebitçileriň buýsanjy
31.10.2025
nebitcilerin-buysanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başdadurmagynda Ata watanymyzyň her bir günü şanly wakalara toýdyr baýramlara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiz ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebit-gaz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmäge uly üns berýär, bu pudaga örän uly maýa goýumlary goýulýar, netijedе bereketli türkmen topragymyzda nebit-gazyň önderilişi barha artdyrylýar. Bagtdan paýly nebitçilerimiz ýurdymyzda bellenip geçilýän her bir baýramçylyklarymyza zähmet sowgatlary bilen gelýärler. Baky Bitaraplygymyzyň 30-ýyllyk toýynyň bellenýän günlerinde ýene bir şatlykly wakanyň şaýady boldyk, ýagny “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligine Hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliginiň önümi bolan 30 (otuz) sany sementleýji agregatlary sowgat bermegi Biziň başymyzy göge diredi. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren sementleýji agregatlary gelejekde önümçiligiň öňe gitmeginde ýardamy örän uly bolar.

Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň teswirnamasynda göz öňünde tutulan maksatlara laýyklykda ýöriteleşdirilen hojalyk hasaplaşygyndaky müdirlik bolup, işi üznüksiz, önümçilik bilen baglydyr. “Ýerine ýetiriji“ bolup „Buýrujylaryň“ garamagyndaky müdirlikleriň meýilnamasynyň çäklerindäki nebitgaz ýataklarynyň guýularynda sementleýji toplumlaryň güýçleri bilen işlerini ýerine ýetirýar.

Müdirlikleriň önümçilik meýdançalarynda ugrukdyryjylaryň, konduktorlarynyň, aralyk we ulanyş sütünleriniň sementleme işlerini, guýulary burawlamakda we abatlaýyş işlerinde sement köpürlerini we nebit wannalaryny goýulmagyny, goýberilen we sement bilen berkidilen sütünleriniň basyş astynda jebislige synag edilmegini, howa kowujy kompressorlary bilen gatlaklary synag etmek we özleşdirmek, semendi ýüklemegi we daşamagy, semendiň suwuklygynyň barlaglaryny laborator analizlerini etmek işlerini amala aşyrýar.

Ýurdymyzda biz nebitçileriň önderjilikli işlemekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär, şeýle mümkinçilikleriň sakasynda duran Türkmen Halkynyň Milli Liderine, Hormatly Prezidentimize merdana nebitçileriň adyndan köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.

Ogulbibi Şyhyýewa,

“Türkmennebit” DK-niň „Nebitgazburawlaýyş“ trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy

 

Çeşme: "Türkmennebit" Döwlet korserni

Şeýle hem