Habarlaşmak
11.09.2025
Türkmenistanyň burawçylary 2025-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda nebit we gaz önümçiligine mynasyp goşant goşdylar
09.09.2025
tuerkmenistanyn-burawcylary-2025-nji-yylyn-ilkinji-8-ayynda-nebit-we-gaz-oenuemciligine-mynasyp-gosant-gosdylar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy awgustynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebit gaz toplumynyň işini has da kämilleşdirmegiň möhümdigini belläp, nebit gaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegi, geologiýa gözleg we buraw işleriniň netijeliligini hasda ýokarlandyrmagy aýratyn tabşyrdy.

Bu möhüm tabşyrykdan ugur alyp zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky buraw işleri müdirliklerinde ajaýyp önümçilik görkezijilerine eýe bolunýar. Muňa tutuş konsern boýunça şu ýylyň geçen sekiz aýynda burawlanan dag jynslarynyň 110 müň 479 metre barabar bolmagyda doly güwä geçýär. Bu döwürde önümli guýularyň 22siniň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy.

Has takygy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryş müdirlikleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen sekiz aýynda 2 million 676 müň 934 tonnadan gowrak «gara altynyň» we 3 milliard 108 million 925 kub metre barabar «mawy ýangyjyň» alynmagynda burawlaýjylaryň mynasyp goşantlary bar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebit gaz toplumy barasynda edýän yzygiderli aladasy netijesinde häzirki zaman önümçiliginiň iň bir kuwwatly buraw desgalaryna eýe bolup, has çuň gatlaklara ynamly aralaşmagy başarýan balkanly burawlaýjylaryň şanly ýylymyzyň başyndan bäri gazuw işlerini tamamlan guýularynyň 19 synyň ulanyş maksatly guýulardygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki wagtda nebitdir gazly bu guýulary senagat taýdan özleşdirmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030 njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklaryna mynasyp sowgatly barmak maksady bilen şu günler has çuň gatlaklara ynamly aralaşýarlar.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti

Şeýle hem