Habarlaşmak
18.07.2025
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana sapary tamamlandy
18.07.2025
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjana sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana resmi saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp, bu taryhy ilatly nokatlaryň dikeldiş we ösüş taslamalary bilen tanyşdy.

Fizuli Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine Fizuli, Laçyn we Zangilan halkara howa menzilleriniň taslamalary görkezildi.

Şuşa şäherine bolan saparyň dowamynda Azerbaýjan Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow şähergurluşyk babatda öz gymmatly maslahatlaryny berdi.

Deňiz derejesinden 1368 metr belentlikde ýerleşýän Azerbaýjanyň medeni paýtagty Şuşa şäherinde belent myhmanlar 2021-nji ýylda düýbi tutulan täze ýaşaýyş toplumynyň we metjidiň gurluşygy bilen tanyşdylar. Bu metjidiň gurluşygy italýan kompaniýasy we azerbaýjan arhitektoralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew milli ähmiýetli binagärlik ýadygärlikleriniň sanawyna girizilen döredijilik merkeziniň binasynda Geýdar Alyýewe bagyşlanan suratlardan ybarat sergä baryp gördüler. Şeýle hem 1752-nji ýylda gurlan we döwlet ähmiýetli binagärlik ýadygärligi hasaplanýan Şuşa galasyna baryldy.

Meşhur azerbaýjan opera aýdymçysy Bülbülüň öý-muzeýinde myhmanlary artistiň ogly – Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bülbül oglunyň özi gezelenç etdirdi. Ol iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin "Türkmenistanyň halk artisti" diýen hormatly at bilen sylaglandy.

Medeni maksatnama Göwher Aga metjidine, Mehmandarowlaryň öý-muzeýine we Jydyr düzlügine baryp görmegi hem öz içine aldy. Jydyr düzüne ýigitleriň görkezme çykyşlary boldy we türkmen halkynyň Milli Liderine belent hormatyň nyşany hökmünde “Dostluk” atly garabag aty sowgat berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu atyny türkmen-azerbaýjan dostlugynyň mizemez nyşany hökmünde kabul etdi.

Medeni maksatnamanyň tamamlanmagynyň yzýany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Fizuli Halkara howa menzilinden Watanyna ugrady, ony Aşgabat howa menzilinde ýurdumyzyň resmi wekilleri garşyladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem