"Mary Deri - Aýakgap" açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy guramalarynyň sargydy boýunça iş aýakgaplaryny, egin-eşikleri, baş geýimleri we beýleki önümleri öndürmeklige ýöriteleşendir. Şeýle hem kärhana köp möçberde nebit-gaz pudagy, himiýa senagaty we ýurduň gurluşyk guramalary üçin ýörite egin-eşik we iş aýakgaplaryny öndürýär.
Bu önümler ýokary hilli bolup, olar import edilýän önümler bilen bäsleşip biler.
Ýakynda kompaniýanyň önümçilik bölüminiň işgärleri "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan sargyt edilen gaz işgärleri üçin gysga aýakgaplary köp ,öçberde öndürip başlady. Aýakgaplaryň önümçiliginde Marydaky "Maksat - Deri" açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen deri ulanylýar. Ekologiýa taýdan arassa deri materiallary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Bu bolsa önümiň ýokary hilini üpjün edýär.
Kärhananyň tikinçileri we beýleki işgärleri eýýäm 20 müň jübüt iş aýakgabynyň önümçiligini tamamladylar. Öňümizdäki günlerde kärhana önümçilik mukdaryny artdyrmagy dowam etdirip, gaz işgärleri üçin ýene 4 müň jübüt aýakgap öndürmegi meýilleşdirýär. "Mary Deri - Aýakgap" açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümleri ýokary tehnologiýaly maşynlary netijeli dolandyrmaga we önümçilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýän Italiýanyň we Türkiýe Respublikasynyň öndürijilerinden häzirki zaman tikinçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti