Habarlaşmak
20.08.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4,3 million dollaryndan gowrak boldy
19.08.2025
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 4,3 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, aşgarlanmadyk nah mata ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 4,3 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), pagta süýümini, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 97 million manatdan gowrak boldy.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti

Şeýle hem