Habarlaşmak
09.08.2025
Türkmenistan bilen Butan Patyşalygy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
08.08.2025
Türkmenistan bilen Butan Patyşalygy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 7-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Butan Patyşalygynyň Daşary işler we daşary söwda ministri Dina Nat Dungýeliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we halkara düzümleriň çägindäki hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.

Türkmen tarapy ýurduň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, hususan-da ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy we ynanyşmagy ösdürmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň we oňyn bitaraplygyň ähmiýetini belledi. Şu nuktaýnazarda, Türkmenistanyň sebit we halkara derejelerde äden anyk ädimleri nygtaldy.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek boýunça işlemek barada ylalaşdylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem