Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyk 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine garadylar.
Gepleşiklere gatnaşyjylar halkara formatlarynyň çäklerinde meýilleşdirilýän saparlaryň we çäreleriň utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berdiler.