Habarlaşmak
28.06.2025
Türkmenistanyň Halkara Migrasiýa Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
27.06.2025
Türkmenistanyň Halkara Migrasiýa Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Serhan Aktoprak bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň HMG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, Türkmenistan ynsanperwerlik ýörelgelerine we hemişelik bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, konfliktleriň syýasy-diplomatik ýol bilen düzgünleşdirilmegine we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň alyp barýan işleri tertipli, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde, ýurduň Migrasiýa boýunça Ählumumy Ylalaşygyň çägindäki borçnamalaryna laýyk gelýär.

Taraplar adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olaryň ýüze çykmagy bilen bagly ýagdaýlarda özara hyzmatdaşlygyň we utgaşdyryş çäreleriniň mundan beýläk-de güýçlendirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilýän çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şol sanda “Howpsuz, tertipli we kanuny migrasiýa boýunça Ählumumy Ylalaşygyň” (GDM) ýerine ýetirilişi boýunça amala aşyrylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem