«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewr opa we halkara işler boýunça federal ministrliginiň Döwlet sekretary Jozef Şellhornyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny, hususan-da syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzýän bitaraplygyň aýratyn ähmiýetini we netijeliligini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, söhbetdeşler şu ýyl Awstriýanyň we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 70 we 30 ýyllygynyň ýubileý senelerine gabat gelendigi nygtadylar.
Mundan başga-da, diplomatlar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň 2014-nji ýylda Awstriýada geçirilendigi belläp geçeliň.