Habarlaşmak
15.08.2025
Türkmenistan howa ýollary oktýabr aýyndan Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar
14.08.2025
Türkmenistan howa ýollary oktýabr aýyndan Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Türkmenistan howa ýollary 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap Kazana we Jidda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar.

Oktýabr aýynyň ahyryndan Kazana uçuşlar hepdede dört gezek amala aşyrylar. Ýolagçylar sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri Tatarstanyň paýtagtyna syýahat edip bilerler. Bu üýtgeşme, işewürlerdenem, syýahatçylardanam barha artýan islegi kanagatlandyrar.

Mundan başga-da, Jidda şäherine gatnawlaryň sany köpeler, hususan-da, uçuşlar hepdede üç gezek - sişenbe, çarşenbe we anna günleri amala aşyrylar. Bu täzelik esasanam Saud Arabystanyna barýan zyýaratçylar üçin has möhümdir.

Täzelenen gatnaw tertibi awiakompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi. Ýolagçylar uçuşlaryň anyk wagty bilen tanşyp, öňünden biletleri sargyt edip bilerler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň habarlar portaly

Şeýle hem