Habarlaşmak
15.08.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ikinji maslahatyna gatnaşdy
14.08.2025
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ikinji maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň iň uly howa menzilleriniň wekilleri Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň ikinji maslahatyna gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar sebitdäki howa gatnawyny ösdürmek, ýolagçy we ýük daşamagyň hilini ýokarlandyrmak, howa menziliniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we uçuş howpsuzlygyny güýçlendirmek barada pikir alyşdylar.Ýewraziýanyň ýeke awiasiýa giňişliginiň emele gelmegi üçin şert döretmäge aýratyn üns berildi.

Hytaý tarapy bäş sany möhüm teklip hödürledi: gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, awiasiýa ýangyjynyň bahasyny arzanlatmak, tehniki alyş-çalşygy ösdürmek, hünärmenler üçin bilelikdäki okuw meýilnamalary we bitewi sanly hyzmat ülňülerini girizmek.

Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň çatrygyndaky eýeleýän orny sebäpli Türkmenistan geljekki awiasiýa ulgamynyň esasy merkezlerinden birine öwrülip biler. Ýollaryň giňelmegi üstaşyr ýolagçy gatnawyny artdyrar, jahankeşdeleri özüne çeker şeýle hem Aşgabat we Türkmenbaşy arkaly halkara ýük daşamagy güýçlendirer diýip belläp geçeliň.

Çeşme: Türkmenistanyň habarlar portaly

Şeýle hem