Türkmenistanda Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda gazylyp alynýan gaty magdanlaryň we seýrek duş gelýän minerallaryň gözlegi boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda kuwwatly göçme buraw desgalaryndan, tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi metal önümçiliginde, elektronika ulgamlarynda ulanylýan çig mal serişdelerini üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.