Habarlaşmak
29.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
28.06.2025
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Onda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyna seretmek we kabul etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maslahatyň gün tertibine “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda”, “Gümrük gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary giriziler.

Daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisde Fransiýa Respublikasynyň Parlamentiniň senatory bilen duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we bu ugurda netijeli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem