Habarlaşmak
15.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
15.08.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna respublikanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini, mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigini tassyklady.

Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, dostlukly ýurdyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti

Şeýle hem