Habarlaşmak
19.08.2025
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ýurduň milli baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
18.08.2025
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ýurduň milli baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew 15-nji awgustda ýurdyň milli baýramy – Azat ediş gününiň 80 ýyllygy mynasybetli gecirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşandy.Çärelere bu ýurduň Prezidenti Li Je Mýonuň we beýleki Hökümet agzalarynyň hem gatnaşdylar.

Çärelerde Li Je Mýon çykyş etmek bilen, koreý halkynyň azatlyk ugrunda alyp baran gahrymançylykly göreşi, koreý ýarymadasynyň ikä bölünmegi we koreý halkynyň milli birleşmä bolan ymtylyşy, bu sebitiň ýadro ýaragyndan azat saklanmagy, taryhy gapma-garşylyklara garamazdan Ýaponiýa bilen goňşy döwlet hökmünde hyzmatdaşlygy ösdürmek, galyberse-de şu ýylyň üçünji çäriýeginde bu ýurtda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk Sammitini (APEC) ýokary taýýarlykly geçirmek babatda koreý tarapynyň görýän taýýarlyk işleri ýaly mowzuklary aýratyn belläp geçdi.

Çäreleriň çäklerinde, Ilçi Durdyýew bilen Prezident Li Je Mýonuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy. Onuň dowamynda diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Döwlet Baştutanyna ýetip gelen baýramçylyk mynasybetli gyzgyn gutlaglary we mähirli salamlary ýetirdi. Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Şeýle hem